Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyşlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň gatnaşmagynda “Watanyň guwanjy — bagtly çagalar” atly aýdym-sazly köpçülikleýin medeni çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda edebiýat, sungat, sport bilen baglanşykly sorag-jogaply gyzykly bäsleşikler geçirilip, olaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik, sungat we sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.