Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 3-nji şahamçasynyň mejlisler jaýynda “Ýörelgämiz ýagşy ündew” atly wagyz - nesihat çäresini geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk häsiýetleriň mahsusdygy, ynsan durmuşynyň, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň, üstünlikleriniň Watana, halka wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýandygyny uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň asuda abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän şertdir mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň sanly ulgam
boýunça hünärmeni.