Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary barada «tegelek stoluň» başynda giňişleýin söhbet edildi.
Söhbetdeşlige Türkmen döwlet maliýe institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Aşgabat” teleýaýlymynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary hem-de bu ýerde 4 — 8-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bilen bagly beren tabşyryklary, bu ýerde geçiriljek birnäçe uly göwrümli maslahatlaryň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.