Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, sport çäresi geçirildi.
Geçirilen sport çäresinde çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşip ukyp- başarnyklaryny görkezdiler. Çagalara gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň dowamynda çagalar “Wirtual muzeý” taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat etdiler, muzeý tarapyndan guralan sergilere gezelenç etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.