DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumunyň binasynda Arkadag şäheriň häkimliginiň, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri dogrusynda täsirli söhbetler edildi.

Şeýle hem döredijilik duşuşygynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Watanyny söýmekden, oňa guwanyp, mertebesini has-da beýgeltmekden, barha gülläp ösmegine goşant goşmakdan uly bagt ýokdur» diýen sözlerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň döwletli-derejeli üstünliklerini, şäheriň durmuşyndaky taryhy wakalary wasp etmekde, geçirilýän çärelerdir dabaralarda döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, Milli Liderimiziň howandarlygynda çap edilýän «Arkadag» gazetinde döwrüň sesine mynasyp ses goşýandygyny nazara alyp, Arkadag şäherinde zähmet çekýän döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara çäräni gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Iýul 2025 | 21 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 40 okalan

HALKARA GATNAŞYKLARY BERKIDILÝÄR

17 Iýul 2025 | 30 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI