Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, ýaşlaryň bilesigelijiligini has-da artdyrmak hem-de taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de “Bathyz” tebigy döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda “Gadymy taryhym – hazyna genjim” ady bilen goraghananyň çägine gezelenç guraldy.
Bu gezelenjiň dowamynda ýaşlar tebigatymyzyň baý taryhy barada gyzykly maglumatlary öwrendiler. Şeýle-de bu gezelenç ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany we olaryň eziz topragymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Täsirli geçen gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, baý taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Tawus AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň
baş hünärmeni.