Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary netijeli sport hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler sport ulgamynyň ýokary derejede ösmegine itergi berdi.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Sport bilen gyzyklanýan, beden we ruhy saglygyny berkitmäge ymtylýan, geljekde sportda üstünlik gazanmak isleýän dürli ýaşdaky her bir ildeşimiz iň amatly şertlerde türgenleşip bilýär. Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarynda, täze sport mekdeplerinde sport söýüjileriň, sport bilen durmuşyny, ykbalyny baglamak isleýänleriň ussat türgen bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanda türkmen sportuny dünýä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýurt we halkara derejesindäki çäreleriň sany barha artýar. Myhmansöýer döwletimiz bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin uly yhlas siňdirýär. Türkmen türgenleriniň şeýle ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýokary netije görkezýän ugurlary ýylsaýyn artýar.
Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.