AZIÝA TAEKWONDO ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN TÜRGENI KÜMÜŞ MEDALY GAZANDY

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 25-28-nji iýuly aralygynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen Taekwondo kadetler boýunça Aziýa çempionatynda üstünlik gazandy. Türkmen türgeniniň taryhda ilkinji gezek şeýle abraýly çempionatda kümüş medaly gazanmagy diýseň buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Günüň gahrymany Maksadow Alihanyň görkezen üstünlikli çykyşy Türkmenistana köpden bäri garaşylýan baýragy getirdi.

Bu üstünlik, türkmen türgenleriniň taýýarlyk derejesiniň we tälimçiler toparynyň zähmetsöýerliginiň subutnamasydyr.

HHM

28.07.2025ý