Hindistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwüren Malaýziýanyň ornuna CAFA-nyň Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar.
Hindistanyň topary B toparda çykyş eder we bu ýerde onuň garşydaşlary Täjigistanyň, Owganystanyň we Eýranyň milli ýygyndylary bolar.
CAFA-nyň Milletler kubogy ugrundaky ýaryşyň taryhynda ikinji gezek ol sekiz toparyň – CAFA-nyň alty agzasynyň (Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Eýranyň), şeýle hem Omanyň we Hindistanyň milli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçiriler.
Toparlar iki toparça bölündi. A toparyň duşuşyklary Özbegistanda, B toparynyň duşuşyklary bolsa Täjigistanda geçiriler. Toparçanyň ýeňijileri finalda duşuşarlar, ikinji orny eýelän toparlar bürünç medal ugrunda bäsleşerler. Häzirki kubogyň eýesi Eýranyň milli ýygyndysydyr.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy A toparçada Omanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlaryna garşy çykyş eder. Türkmen futbolçylary ilkinji duşuşygyny 2025-nji ýylyň 30-njy awgustynda Gyrgyzystana garşy geçirer, 2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Özbegistan bilen oýnar, toparçadaky iň soňky duşuşygyny bolsa 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Omana garşy geçirer.
Türkmenistan üçin bu ýaryş Aziýa kubogy – 2027-niň saýlama duşuşyklarynda Şri-Lanka (2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda we 14-nji noýabrynda) we Hytaý Taýbeýi (2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda) bilen güýzki duşuşyklara görüljek taýýarlyk bolar.
turkmenportal
29.07.2025