TFF-NIŇ WEKILLERI JAKARTADA FIFA-NYŇ IŞ MASLAHATYNA GATNAŞDYLAR

2025-nji ýylyň 21 – 25-nji iýuly aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde FIFA tarapyndan iş maslahaty geçirildi. Ýurtlaryň 12-sinden 24 adamyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu iş maslahatyna, biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Serdar Geldiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory Röwşen Meredow wekilçilik etdiler.

Bu iş maslahaty FIFA-nyň tehniki liderleriniň başlygy Jamie Houchen we FIFA-nyň tehniki ösüş hyzmatlarynyň başlygy Jurg Nepferiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda çykyş edenleriň ählisi, ilki bilen futbolda işleri tehniki taýdan guramaga ünsi çekdiler. Şonuň bilen birlikde, futbol taslamasyny uzak möhletleýin meýilleşdirmek, ýolbaşçylyk ukyplary ösdürmek, halkara derejesinde iş tejribesini alyşmak ýaly zerur ugurlaryň üstünde giňişleýin durup geçdiler.

Bu seminar FIFA-nyň dünýä jemgyýetinde futboly ösdürmekdäki üstünlikli ädimleriniň ýene bir ilerlemesiniň subutnamasydyr.

HHM

30.07.2025ý