«Arkadag» futbol topary, Bolgariýadaky türgenleşik wagtynda geçirilen Kosowanyň «Gilani» topary bilen dostlukly duşuşykda ýeňiş gazandy. Ýapyk görnüşde geçirilen duşuşyk türkmen toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.
Bu ýeňiş «Arkadag» futbol topary üçin häzirki türgenleşik wagtynda ilkinji ýeňişi boldy. Ondan öň topar iki dostlukly duşuşyk geçirdi: 1:2 hasabynda Rumyniýanyň «Politehniki Ýassy» toparyndan utuldy we Makedoniýanyň «Başkimi» topary bilen deňme-deň oýnady (1:1).
«Arkadag» futbol toparynyň indiki duşuşygy 2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda bolar. Topar premýer-liganyň 20-nji tapgyrynyň meýilleşdirilen duşuşygynda «Aşgabat» futbol topary bilen duşuşar.
HHM
30.07.2025ý