GÜNEŞLI DIÝARYM

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Güneşli diýarym» ady bilen surat bäsleşigi geçirildi. Çagalaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýeňiji bolan körpeler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýbibi TÄÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 26 okalan

WATAN BORJY MUKADDESDIR

05 Noýabr 2025 | 34 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

03 Noýabr 2025 | 86 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR