TÜRKMENISTAN — BMG: IŞJEŇ GATNAŞYKLARYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde dünýä ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerledýär. Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmegi taryhy wakalaryň biri bolar. Çünki bu halkara maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we onuň oňyn çözgütleri foruma gatnaşyjy döwletleriň ykdysady ösüşine uly täsir eder. Munuň özi halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary, işjeň hyzmatdaşlyklary has-da pugtalandyrar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahaty 7 ugur boýunça alnyp barlyp, onda strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözülip, täze mümkinçiliklere giň ýol açylar. Şol sanda bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly itergi berer. Munuň özi giň gerimli işleriň ýola goýulýandygyny äşgär edýär.

 

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň

Gumgüzer geňeşliginiň ýaşaýjysy.

Meňzeş habarlar