Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany iş saparynyň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen baglylykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçarynyň Arkadag şäheriniň ýokarsyndan geçip barýan pursatlary şol wagt bu şäherde açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan toý-dabaralara gabat geldi.
Biraz wagtdan Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Olar bu ýerde döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanynyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz has-da döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerleri, şol sanda forumyň geçýän günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni çäreleriň guraljak ýeri, şeýle-de syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary derejeli halkara forum bilen bagly öňde durýan wezipelere hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary biraz wagtdan ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.
turkmenportal
30.07.2025