Mugallym okuwçylaryndan geljekki etsem-goýsamlary, arzuw-maksatlary dogrusynda düzme ýazmaklygy talap etdi. Okuwçylaryň birinden öňňesi düzmelerini dessine tamamlap, mugallyma tabşyrdy. Emma bir okuwçy şol ýazyp gidip otyrdy. Ol kagyzyň bir ýüzüni dolduryp, beýleki ýüzüni hem süýji we beýik arzuwlary bilen bezemäge başlady. Onuň arzuwlarynyň arasynda kaşaň köşk, naýbaşy ulag, iň owadan we işeňňir ýanýoldaş we beýleki has gowy zatlar bardy. Mugallym düzmeleri gözden geçirip, olara baha goýdy-da, kagyzlary yzyna berdi. Ýöne arzuwçyl oglana pes baha goýdy. «Sen öz ýagdaýyňa seret, günemaňy zordan aýlaýaň. Beýle zatlara ýetmek saňa miýesser etmez. Ýetip biljek zatlaryňy arzuw et. Asmany arzuwlanyňda hem aýagyňy ýerden üzmeli däl. Bolmajak zatlary arzuw etme. Gowy baha alasyň gelýän bolsa, arzuwlaryňy täzeden ýaz, uly baha goýaýyn» diýip, mugallym netijesini delillendirdi. Okuwçy uly ynam we gaýratlylyk bilen: «Minnetdar, ýoldaş mugallym, berjek bahaňyz özüňizde galsyn, men öz arzuwlarym bilen galaýyn» diýdi. Durmuş uzak garaşdyrmady. Ýaňky arzuwly oglan göz öňüne getirýän we çyndan isleýän zatlarynyň hemmesini gazandy, maksatlaryny hasyl etdi. Hatda arzuwyndan hem has artyk gazandy we has ajaýyp günlere ýetdi. Özleri bilmezden, asylly maksatlaryňyza aýak direýän ýa-da ýagşy arzuwlaryň ganatyny gyrýan adamlar durmuşda käte gabat gelýär. Olaryň käbiri raýymyzdan gaýtarmak üçin şeýle bir yhlas edýärler, ýüz dürli oý-pikir suňşuryp, badyňyzy alýarlar, ünsüňizi başga tarapa sowýarlar. Şeýle adamlara her ýerde, hatda öz golaýyňda hem gabat gelip bolýar. Mahlasy, seni arzuwlaryňdan dändirmek isleýän, ep-esli hokga ýa hekaýat toslap, asylly işiňden alyp galýan, beýik arzuwlary «bolmajaklygy» bilen dowula salmak isleýän adamlardan eserdeň bol – arzuwlaryňy hiç kime ogurlatma!
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.