HALAL ZÄHMET – AÝDYŇ MAKSATLARYŇ ÖZENIDIR

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky IÝG-niň guramagynda toplumyň tikin fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Halal zähmet – aýdyň maksatlaryň özenidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän işler dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim almagy, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar