Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşigi ýazga geçirildi. Gepleşigimiziň bu sany Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde geçirilen halkara forumlara bagyşlandy.
Gepleşige Büzmeýin etrap Halk Maslahatynyň agzasy, Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy gatnaşdy. Olar öz çykyşlarynda häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara maslahatyň hem-de parlamentara forumynyň, raýat jemgyýetiniň forumynyň, ýaşlar forumynyň ähmiýeti barada giňişleýin beýan etdiler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar uly ösüşleri we parahatçylygy nazarlaýan Watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan dünýä nusgalyk, beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.