Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary mynasyp orun alan medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda çagalar bagynyň mugallymlary we terbiýeçileri bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýygnaga gelen myhmanlar ilki bilen 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Ýygnaga gatnaşyjy myhmanlar, mugallymlara we terbiýeçilere öz ýerlerinde degişli maslahatlaryny berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.