ÝAŞLAR JARNAMASY – DURNUKLY GELJEGIŇ BINÝADY

Türkmenistan ― bagtyýar we bagta ýar ýaşlaryň ýurdy. Ýurdumyzyň her bir gününiň taryhy wakalara we ýatdan çykmajak pursatlara beslenýändigine gojaman Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC3) üçünji maslahatyndan hem doly göz ýetirdik. Ynha, bu günki gün maslahat öz işini ýokary derejede geçirdi. Maslahat jemi 7 ugur boýunça geçirilip, şolaryň hatarynda ýaşlar syýasaty forumyna hem aýratyn orun berildi.

Ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde biz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlary, demografik mümkinçiliklerimiziň özgertmeleriň iň kuwwatly hereketlendirijisi bolup durýandygyna düşünýäris. Biziň ählimiz ýaşlara döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, häzirki zaman bilim ulgamyndaky maglumatlara esaslanýan ilat analitikasyny, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlap ýetişdirýän we bu ugurdaky ökde hünärmenleri talap edýän pudaklary we geografik ýerleşiş babatdaky şertleri berkarar etmekde borçly bolup durýarys. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimini 25 ýaşa çenli ýaşlaryň düzýändigi maslahatyň dowamynda çözülmeli meseleleriň arasynda ýaşlaryň geljegini nazara almagyň ähmiýetiniň diýseň uludygyny görkezýär. Awaza forumynyň çäginde geçirilýän ýaşlar syýasaty forumynyň mazmunyny Ýaşlar Jarnamasynyň hereket edýän döwürlerinde doly göz ýetireris. Ýaşlar Jarnamasynda bagtyýar nesliň nurana geljegine gönükdirilen täze başlangyçlar we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini nazara alýan maksatnamalar beýan edilýär. Şeýle hem Jarnama toplumlaýyn temalaýyn borçnamalary öz içine alýar we ýaşlaryň, hususan-da ejiz bileleşikleriň, ýaş zenanlaryň we gyzlaryň garaýyşlarynyň, pikirleriniň we ymtylmalarynyň diňe bir öwrenilmegi bilen çäklenmän, eýsem, olaryň syýasaty işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlarynyň ösüşe aýratyn zerurlyklarynyň bardygyny nygtamak bilen, Jarnamanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze Hereketler maksatnamasy, olaryň meseleleriniň we isleg-arzuwlarynyň netijeli göz öňünde tutulmagy üçin täze mümkinçilikleriň açary bolup hyzmat eder. Ynha şular dogrusynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi we «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda öňde barjy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda «Ýaşlaryň buýsanjy» atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy geçirildi Ýazgynyň dowamynda çykyş edenler BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan işjeň ýaşlar hökmünde biz agza döwletleri deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýaşlaryny dünýä jemgyýetçiligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda saklamaga uly itergi berýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň güwäsi bolup durýar.

Bütin dünýäde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, akylly-huşly, edep-ekramly we asylly häsiýetli bolup kemala gelmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär. Awaza forumy hem hut şu maksatlardan ugur almak bilen öz işini üstünlikli alyp barýar. Ýaşlar hakyndaky aladany döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylary hökmünde garamagy ýokardaky aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Hazaryň türkmen kenarynda dünýä ýaşlaryny jemläp, uly üstünliklere beslenip geçirilýän ýaşlar forumy özara tejribe alyşmaga, ýaşlaryň döwleti dolandyrmaga we onuň ösüşine goşýan goşantlarynyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýär.

MAÝA ŞÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar