HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

Halkara maslahatyň Türkmenistan döwletimizde geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä derejesinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde belent ykrara eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Munuň özi parahatçylygy, durnukly ösüşi esasy ugur edinip, Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de «Arkadag» teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriň ähmiýeti boýunça «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan umumadamzat ähmiýetli asyrlara mynasyp işleri, halkara dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Şeýle hem çykyşlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyryp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 33 okalan

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

30 Iýul 2025 | 296 okalan

ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

28 Iýul 2025 | 64 okalan

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ GELJEGI