Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Geňeşli ýurt – baky bagtyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Işjeň häsiýete eýe bolan maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, TMÝG-niň işjeň agzasy Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi türkmen halky üçin ähli ugurlarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.