GEŇEŞLI ÝURT – BAKY BAGTYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat komitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Geňeşli ýurt – baky bagtyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Işjeň häsiýete eýe bolan maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, TMÝG-niň işjeň agzasy Bägül Begliýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi türkmen halky üçin ähli ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 50 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 103 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 54 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM