Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 28-nji iýuldan 30-njy awgust aralygynda Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde guralan nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşýarlar.
Dalaşgärleri deslapky saýlamagyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-sinden talyplaryň 11-si Germaniýada dil boýunça taýýarlyk geçmäge hukuk aldylar. Olaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bar.
Talyplar üçin bilim çäreleri Germaniýanyň öňdebaryjy birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda döwrebap usulyýetler boýunça geçirilýär. Hünär ýokarlandyryş okuwyna gelen talyplar hünär ukyplaryny we tejribelerini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, dil bilimlerini hem-de başarnyklaryny baýlaşdyrmaga gönükdirilen mazmunly okuwlara gatnaşýarlar.
Hünär ýokarlandyryşyň baý maksatnamasynyň çäklerinde talyplar nemes dili boýunça bilimlerini kämilleşdirmek bilen birlikde, Germaniýanyň taryhy we medeniýeti bilen hem giňişleýin tanyşýarlar.
Türkmen talyplarynyň dil boýunça tomusky okuwlara gatnaşmaklary Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam berýär.
Germaniýada daşary ýurtlular üçin talyp haklaryny esasy üpjün ediji bolan Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugynyň daşary ýurt dillerini okatmak babatda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydygyny bellemek gerek. 1997-nji ýyldan bäri Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugy Aşgabatda Germaniýada bilim almak meseleleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, uçurymlary hem-de ylmy barlagçylar üçin talyp hakly maksatnamalary boýunça geňeşmeleri geçirýär.
Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugy Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän bilim çärelerine işjeň gatnaşýar, şeýle hem gullugyň türkmen uçurymlary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýar.
Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugynyň Türkmenistandaky maksatnamalary ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
turkmenistan.gov.tm