TÄZE OKUW ÝYLYNA DOLY TAÝÝARLYKDA

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy, işleriň maksatnamalaýyn alnyp barlyp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Welaýatda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, mugallymlara usuly kömek bermek maksady bilen alnyp barlan işler özüniň aýdyň netijelerini berýär. Tamamlanan okuw ýylynda welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 384 sany umumybilim berýän orta mekdep, 3 sany mekdep-internaty hem-de Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edip, olarda 337 müň 93 okuwçy bilim we terbiýe aldylar. Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň welaýat boýunça 284 sanysy bolup, olarda jemi 54 müň 957 çaga terbiýelenýär.

Gündogar sebitde 2024 — 2025-nji okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleri uçurymlaryň 21 müň 364-si tamamlady. Şeýle hem täze okuw ýylynda orta mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 24 müň 830-dan gowragynyň gelmegine garaşylýar. Ilkinji gezek mekdep bosagasyndan ätleýän körpeler üçin hormatly Prezidentimiziň sowgatlyk kompýuterleriniň doly alnyp taýýar edilendigini aýdyp geçmek buýsançlydyr. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 40-a golaýy hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi we zehinli çagalaryň seçilip alynmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini bu mekdeplerde bilim alýan çagalaryň ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde gazanýan guwandyryjy netijeleri şaýatlyk edýär.

Gündogar sebitde täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri tamamlanyp, täze 2025 – 2026-njy okuw ýylyna doly taýýar edilipdir.

Welaýatda täze okuw ýylynyň başyndaBilimler we talyp ýaşlar gününde Çärjew etrabynda ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdebiň täze binasyny dabaraly ýagdaýda açmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Geçirilýän çäreler, alnyp barylýan işler Gündogar sebitde täze okuw ýylyna doly taýýarlykda, guramaçylykly girişiljekdigine, onuň ilkinji gününiň ýaş nesiller üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüljekdigine şaýatlyk edýär.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar