ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çaga – durmuşyň güli» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Geçirilen ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmeklerini gazanmak, sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralan ýaryşlara merkezdäki çagalar işjeň gatnaşdylar.

Ýaryş diýseň gyzykly hem täsirli geçdi. Onda çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar we özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede ýaryşlarda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýaryşyň ahyrynda bagtyýar çagalaryň ählisi ýurdumyzda çagalaryň oňat dynç almagy, wagtlarynyň şadyýan geçirmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny  aýtdylar.

Bilbil JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 39 okalan

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

13 Awgust 2025 | 30 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

12 Awgust 2025 | 63 okalan

ARZUWLARYŇ HASYLYDYR BU WATAN