Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Mary etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hem-de BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň üstünlikli geçmegi mynasybetli «Parahatçylykly döwletde – arzuwlaryň hasylydyr bu Watan» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşuly nesiller, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy, TKA-nyň Mary etrap birleşmesi şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işgarleri çykyş etdiler.
Çykyşlarda şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hem-de ýakynda geçirilen halkara forumynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin nygtaldy.
Buýsançly pursatlara beslenen dabaraly maslahatda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Eziz Watanymyzyň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň başlygy,
Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.