ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda çagalarda kitap okamaga bolan söýgini döretmek we olaryň halk döredijiligimizi içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen etrabyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň gatnaşmagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çäre geçirildi.

Körpejeler arassa howada okalyp berlen ertekileri uly gyzyklanma bilen diňlediler. Körpe nesliň wekillerinde ugurtapyjylyk, bilesigelijilik ýaly endikleri kemala getirmekde ähmiýetli bolan çärede terbiýeçiler çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Erteki gahrymanlarynyň üsti bilen ündelýän pikirleriň her biri çaga dünýäsinde üýtgeşik täsirleri galdyrdy.

Gülüstan NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2025 | 16 okalan

KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

14 Oktýabr 2025 | 53 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 104 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»