Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5-8-nji awgusty aralygynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň miwesi bolan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagynyň netijesidigini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä ýüzünde ynanyşmak ýörelgeleriniň berkemegi, halkara dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ýaşlaryň dünýä giňişligine çykmaklary we döwrümiziň ösüşine öz sesini goşmaklary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Çykyşlaryň ahyrynda halkara gatnaşyklary pugtalandyryp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň baş hünärmeni.