Ýakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 3-nji şahamçasynyň mejlisler jaýynda “Ahlak terbiýesi medeni mirasymyzyň gönezligi” atly wagyz - nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli zamanamyzda asuda abadan durmuşda ýaşamagy, türkmen maşgalasynda agzybirligiň, halallygyň, asudalylygyň, höküm sürmegi ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini bagtyýar türkmen ýaşlarynyň okamagy öwrenmegi saýlan kärleriniň hakyky ussat eýeleri bolmak üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň asuda erkana döwürde halal zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň sanly ulgam boýunça hünärmeni.