MAŞGALA AGZYBIRLIGI – DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Maşgala agzybirligi – döwletliligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylygy, mähremligi, arassaçylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, maşgala gymmatlylygyny şeýle-de ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzyň gymmaty barada belläp geçdiler.

Halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar, il-ýurt bäbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 67 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI