AHLAKLYLYK – TÜRKMENIŇ DURMUŞ ÝÖRELGESI

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimize medeni mirasymyz, milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe berilmegi, ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmaklyk, ahlak taýdan arassalygy ündemeklik we jemgyýetimiziň sagdynlygy her bir maşgala üçin zerurlygy barada aýtmak bilen halkymyzyň beden taýdan berk, akyl taýdan kämil, sagdyn bolmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurdumyzda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de etrabymyzyň ýaşulylarynyň gatnaşmagynda Gyzylarbat etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän işgärleriň  arasynda «Ahlak päkligi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda asuda ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Watan söýgüsi gursagynda bolan, edepli, gaýratly, asylly hem-de başarjaň türkmen ýaşlaryny terbiýelemegiň zerurlygy barada aýdyldy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Şöhrat MÄMMETHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 67 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI