DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY — ÝAŞLARYŇ YLHAM ÇEŞMESI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň guramagynda “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly döredijilik gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasyndaky mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, halypa döredijilik işgärleri bilen ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, döredijilige we habar beriş serişdelerine höwes bildirýän ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş eden ýaşlar Watan, parahatçylyk, zähmet we ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny wasp edýän eserlerini diňleýjilere hödürlediler. Çykyşlar gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy we ýaşlaryň döredijilige bolan höwesini has-da artdyrdy.

Gurnagyň hormatly myhmany, şahyr we žurnalist Aşyrmät Garlyýew ýaşlaryň çykyşlaryna ýokary baha berdi, gymmatly maslahatlaryny ýetirdi we öz döredijilik eserlerinden hem birnäçesini okap berdi. Onuň okan goşgulary ýaşlaryň döredijilik dünýäsine ylham paýlady. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar bilen tejribe alyşmalar geçirildi, ýazuw usullary we redaktirleme barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň täze pikirleri arkaly jemgyýetiň ösüşine goşant goşmagyna giň mümkinçilik açýar. Şeýlelikde, “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly gurnak diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, döredijilik ýoluny has-da giňeltmäge hyzmat edýär. Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan şeýle döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly döredijilik gurnagy gatnaşmak isleýän ähli ýaşlary her hepdäniň sişenbe güni öz duşuşyklaryna çagyrýar!

Annageldi GODOROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we

meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň başlygy.