ÝOLUMYZ ASUDA — ILIMIZ ABAT

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde “Ýolumyz asuda — ilimiz abat” ady bilen Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, jemgyýetçilikde düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem ýaş nesliň ýol hereketi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmagyň zerurlygyny, ýagny, ýol düzgünleriniň diňe bir ulag sürüjileri üçin däl-de, pyýadalara, ýolagçylara, ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisine degişli bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Oktýabr 2025 | 61 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER

28 Oktýabr 2025 | 60 okalan

DIÝARY WASP EDÝÄR ÇAGA ÝÜREGIM

28 Oktýabr 2025 | 57 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI – MERTEBE MEKDEBI