Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi bilen Magtymguly etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 1-nji çagalar bagynda körpejeleriň arasynda «Diýary wasp edýär çaga ýüregim» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşik diýseň gyzykly hem çekeleşikli bolup, körpejeler özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan körpejeler, ýaş nesillere şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Humaý ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












