BILIMLI NESIL— KUWWATLY WATAN!

Ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagynda şertleriň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýelemäge ukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär. Milli Liderimiz: «Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl. Şonuň üçin hem «Bilimli nesil — kuwwatly Watan!» diýen ýörelgeden ugur alyp, biz geljekde hem ýurdumyzda ylym-bilimi giňden ösdürmek üçin ähli çäreleri göreris» diýip belleýär.

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak barada şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady hasaplanýar. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary esasynda ýaşlary kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmäge, olary ylymda, bilimde giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmäge, zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamaga, olara okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär tälimini almagyň döwlet we halkara maksatnamalarynyň bäsleşik esasynda elýeterli üpjün etmeklige giň ýol açyldy.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilip gelinýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilimiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpyň okuwçylaryna döwrebap öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda döwrebap orta mekdepleriň sany ýylsaýyn artýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde we etraplarynda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň ençemesi dabaraly açylyp, ulanylmaga berildi.

Okuw kitaplarynyň maksatnamalarynyň we mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda umumy bilim ölçegleriniň talaplaryna gabat gelýän ýüzlerçe okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär.

Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň mugt peýdalanmaklary ösüp gelýän ýaş nesil baradaky döwletimiziň bimöçber aladasydyr, durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Döwletimiziň mekdep okuwçylary baradaky aladasy öz miwesini berýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläkde pajarlap, ösüşli ýollary külterlejekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de has hem ösdüriljekdigini ynam bilen aýtmak bolar.

Daňatar MÜRZÄÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

03.09.2019ý.

 

Meňzeş habarlar