Ýakynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti hakynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, taryhy wakalara eýe bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda we milli demokratik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmekde hem berk binýat bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn bellemek gerek, çünki munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleri dabaralandyrmakda, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda aýratyn möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň her birini uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklerine ruhlandyrýar, köňülleri buýsandyrýar. Bu işleriň binýadynda ýurdumyzyň ösüşleri, halkymyzyň abadan durmuşy, demokratik ýörelgeleri bar. Bularyň hemmesi beýik ösüşleri ilerletmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde esas bolup durýar diýip çykyş edenler belledi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.