Ýakynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ýokary derejede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli, şeýle hem bu mejlisiň ähmiýeti boýunça halk köpçüligine, ylaýta-da ýaşlara ýetirmek maksady bilen brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Döwran Myradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Begmuhammet Meredow, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy, şahyr Şirinjemal Ýegelekowa, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Dursunjemal Paltaýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap ösüşler bilen bagly täsirli söhbetler edildi.
Brifing duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň başlygy.