Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) gazanmak boýunça «World Sustainable Development Goal Challenge» (WSDG 2025) halkara bäsleşiginde uly üstünlik bilen çykyş etdiler. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimedia uniwersiteti hem-de Ýaş alymlar guramasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Abraýly bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda Malaýziýadan, Indoneziýadan, Tailanddan, Filippinlerden, Bangladeşden, Rumyniýadan, Braziliýadan, Salwadordan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Bosniýa we Gersegowinadan, BAE-den, Müsürden, Hindistandan we Palestinadan ýaş alymlaryň – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň 2100-den gowrak ylmy işleri hödürlendi.
Türkmen uniwersitetiniň himiýa-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow altyn medala we bäsleşigiň baş baýragy bolan «WSDG Innovation Grand Award» baýragyna mynasyp boldy. Ýaş alym bäsleşikde «Durnukly ösüş üçin ýaşyl sementi öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy-barlag işi bilen çykyş edip, onda sementiň önümçiliginde daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmagyň ylmy esaslarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdy. Şunda ýaş alym energiýanyň netijeli ulanylmagyna hem-de giňden ulanylýan bu gurluşyk serişdesini öndürmegiň ekologiýa taýdan arassa usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi. Süleýmanmuhammediň işi dünýäniň öňdebaryjy ylmy guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy we Durnukly ösüş ulgamynda möhüm çözgüt hökmünde ykrar edildi.
Türkmen uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow hem-de himiki inžiniring taýýarlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jemal Şaripowa tarapyndan bilelikdäki awtorlykda taýýarlanylan «Senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gipsi almagyň innowasion tehnologiýasy» atly ylmy-barlag iş altyn medal we bäsleşigiň ýörite baýragy – «Durnukly ösüş babatda iň oňat innowasiýa» atly baýrak bilen bellenildi. Ýaş alymlar öz ylmy işlerinde fosfogipsden – fosforly dökünleriň önümçiliginiň ikilenç öndürilen önümlerinden we ekologiýa taýdan ýaramaz senagat galyndylaryndan arassa gurluşyk gipsini almagyň ykdysady taýdan bähbitli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz usulynyň işlenilip düzülişini görkezdiler. Işiň awtorlary senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olardan ykdysady taýdan peýdaly önüm almagyň täze usulyny üstünlikli tanyşdyrdylar. Bu iş hem halkara eminleriň oňat seslenmesine hem-de ýokary bahasyna mynasyp boldy. Zehinli talyplarymyzyň ýeňşine milli toparyň ylmy ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Atamyrat Altyýewiň uly goşant goşandygyny bellemek gerek.
Türkmen topary halkara ylmy gözden geçirilişindäki ajaýyp ýeňişlerini buýsanç bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlaýarlar. Biziň toparymyz gazanan üstünliklerini ylmy işleriň, ýaşlaryň başlangyçlarynyň, olaryň innowasiýalara, ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara bolan gyzyklanmalarynyň döwlet derejesinde hemişe goldanylýandygy bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirip baglanyşdyrýarlar.
Abraýly halkara gözden geçirilişlerinde ýokary bäsdeşlik şertlerinde ýaş türkmen alymlarynyň gazanýan şeýle ajaýyp üstünlikleri ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň halkara ylmy giňişlikde eýeleýän ornuny berkidýär hem-de ýaş alymlaryň ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjylar hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.
turkmenistan.gov.tm