Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we ýokary bilim ulgamynyň wekillerini halkara maslahata we himiýa boýunça IV halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň gatnaşmagyndaky olimpiada Aşgabatda olaryň paýtagta gelmegi arkaly 15-17-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Olimpiada talyplaryň özbaşyna gatnaşmagy görnüşinde bir tapgyrda geçiriler, şol bäsleşiklerde oňa gatnaşyjylar «A» we «B» toparlarda çykyş ederler.
«A» topara himiýa boýunça bilim alýan talyplar, şeýle hem islendik hünäriň talyplary – bakalawr we hünärmen ugrunyň I-IV ýyl talyplary gatnaşýarlar. «B» topar bilim alýan ugry himiýa hünäri bolmadyk talyplary bir ýere jemlär.
Iki toparyň birinde her ýokary okuw mekdepden dörtden köp bolmadyk (bakalawr we hünärmen) talyplar hem-de toparyň bir ýolbaşçysy 4+1 görnüşde gatnaşyp bilýär. Olimpiadanyň ýumuşlary organiki, fiziki, organiki däl we seljerme himiýa boýunça ýokary okuw mekdebiň maksatnamasy esasynda taýýarlanylar. «A» topara gatnaşyjylar himiýanyň bu bölümleri boýunça ýazmaça ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolarlar. «B» topara gatnaşyjylar testdäki sowallara jogap bererler.
Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.
Olimpiada zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak, geljekde olaryň intellektual we hünär taýdan ösmeklerini üpjün etmek, talyplaryň ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmek, şeýle hem ylmy maglumatlary özara alyşmak hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.
Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 15-17-nji oktýabr aralygynda «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat gurar.
Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, professorlary, mugallymlary çagyrylýar. Maslahatyň çäklerinde umumy hem-de iki bölümçe boýunça mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär:
I bölümçede «Himiýa dersini okatmagyň innowasion usullary» we II bölümçede «Himiýa ylmynyň ösdürilmeginde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly temalardan çykyşlar bolar.
Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça bu maslahatyň tezisleriniň elektron ýygyndysyny çap etmek meýilleşdirilýär. Olimpiada we maslahata gatnaşyjylary bellige almak 1-nji oktýabra çenli dowam edýär.
Olimpiada gatnaşmak isleýänler ýokary okuw mekdepden toparyň düzümi görkezilen resmi haty, şeýle hem bellige alyş hatyny we her gatnaşyjynyň şahsy kagyzyny olimptsu@gmail.com elektron salga ibermelidirler.
Maslahata gatnaşmak üçin görkezilen salga ýokary okuw mekdepden resmi haty (göni gelip gatnaşmak ýagdaýynda), çykyşlaryň tezislerini we oňa ýazylan syny, şeýle hem gatnaşyjynyň bellige alyş hatyny hem-de şahsy kagyzyny ibermek hökmandyr.
Bu resminamalaryň görnüşleri Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda «Olimpiada-2025» we «Maslahat-2025» bölüminden ýükläp almak üçin elýeterlidir, şeýle hem şol ýerde çäreler barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.
Guramaçylar bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99364) 05-01-24; (+99363) 69-93-64; (+99363) 60-35-05; (+99365) 56-10-61.
turkmenistan.gov.tm