HALK MASLAHATY – JEBISLIGIŇ NUSGASY, ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

Golaýda welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – jebisligiň nusgasy, rowaçlygyň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk oňa gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy.

Maslahat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýaty boýunça bölüminiň bölüm başlygy Jumageldi Ataýew, Mary welaýat kitaphanasynyň başlygynyň orunbasary Gülbahar Nazarowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň başlygy Yklymmyrat Tuwakmyradow, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aýşat Batyrowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler we kararlar barada giňişleýin gürrüň edip, bu oňyn özgertmeleriň ählisi halkymyzyň abadan, bolelin, erkin, parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendigini nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maksatmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 33 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 27 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 30 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM