ÝOL ABAT — IL ABAT

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 43-nji orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda “Ýol abat — il abat” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Şöhrat Rozyýew, etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Rahym Taganow, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň 613-nji Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri Pälwan Hojanyýazow, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölüminiň başlygy Nurýagdy Myradow, etrabyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň müdiri Gurbandurdy Amangeldiýew dagylar çykyş edip, olar ýaşlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni saklap, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmelidigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ahmet NURJANOW,

Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 22 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 20 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 23 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM