Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 13-nji orta mekdebinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjeleriň ýokarlandyrylmagyny gazanmak maksady bilen ýaşlaryň gatnaşmagynda yzygiderli guralýan düşündiriş çäreleriniň zerurlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tawus KURBANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.