Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Bagtyýarlyk etrap zenanlar bölüminiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda 1-nji oktýabr Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşlaryň arasynda ýaşulular gerek» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halky öz ýaşulusyny sylaýar, ýaşula hormat goýmak, kiçini sylamak duýgusy onuň kalbynda hemişelik ýaşaýandyklary barada aýdyp, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhy gymmatlyklara, mukaddesliklere goýýan sylag-sarpasynyň netijesinde ýaşulularyň mertebesi has-da belent derejä ýetýändikleri barada buýsançly söhbet etdiler. Aýdym-saza beslenip geçirilen dabaranyň dowamynda ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Döwran MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.