Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Onda çykyş edenler Berkarar Watanymyzyň üstünliklerinde mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde hormatly ýaşulularyň watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary hem aýratyn bellenmäge mynasypdygyny, olaryň nusgalyk göreldesi, alyp barýan wagyz-nesihat işleri ýaş nesiller üçin möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan mekdepdigini uly buýsanç bilen bellediler.
Baýramçylyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşulularymyza ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda, ýaşuly nesillere uly sarpa, hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa ŞÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.