GELJEGE YNAM BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Geljege ynam bilen beýik maksatlara tarap» atly şygar bilen tegelek stoluň başynda söhbetli telegepleşigi ýazgy edildi.

Telegepleşigiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, bilim, saglyk, medeniýet we beýleki ugurlarda gazanan ösüşleri, aýratyn-da häzirki wagtda sanly ulgama geçmek ugrunda edilýän işler, gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Sanly ulgamy ösdürmek bilen baglanşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek, raýatlara döwrebap hyzmatlary ýetirmek hem-de döwlet dolandyrylyşy netijeli guramak bilen baglanyşyklydyr.

Söhbetli telegepleşigine gatnaşanlar, ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Oktýabr 2025 | 19 okalan

ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI

02 Oktýabr 2025 | 25 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI

02 Oktýabr 2025 | 18 okalan

GELJEGE YNAM BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP