Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda nakgaşçylyk bölüminiň talyp ýaşlarynyň arasynda «Ýollarymyz asuda - ýurdumyz parahat!» atly şygar bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde talyp ýaşlar özleriniň ýol hereketiniň düzgünlerini hem-de nyşanlaryny çekip bir-birekden has-da tapawutlandylar. Emin agzalarynyň gelen netijesiniň esasynda hem, I, II, III we höweslendiriji baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormaty haty gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan ýaşlar okamaga, öwrenmäge, öz zehinlerini açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.