Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Germaniýada geçiriljek ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä ýaryşyna gatnaşar. Bu barada ýetginjekleri ýaryşa taýýarlaýan “Kämil bilim” okuw merkezinde habar berildi.
Çempionat şu ýylyň 4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriler. Ýurdumyza 8 sany zehinli ýetginjek wekilçilik eder.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa her ýyl dünýäniň 20-ä golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýärler.
Türkmenistanly ýaşlar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly esasy amallar bilen bir hatarda, köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly has çylşyrymly ugurlar boýunça-da öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň şertine görä, ýetginjekler 2 sagadyň dowamynda ähli sowallary diňe ýatdan işläp, dogry jogap bermegi başarmaly.
Çempionata Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Omar Akmyradow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Abdullah Baýramgeldiýew, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Liwanur Berdiýewa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Hatyja Durdymämmedowa, Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Patma Gündogdyýewa, Aşgabat şäherindäki ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Allaguly Ýusupow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi Ýeňiş Çerkezow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi Mekan Nurgeldiýew dagylar gatnaşar.
Çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ýörite bäsleşik esasynda düzüldi. Şonda ýetginjekler dünýä çempionatynyň geçiriliş şertlerine meňzeş ýagdaýda 23 sahypadan ybarat bolan sowallara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermegi başaryp, dünýä ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
turkmenistan.gov.tm