Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň, Köýtendag etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap komitetiniň, şeýle hem «Miras» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Näz-nygmatly desterhan» atly telegepleşigiň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda gelin-gyzlar türkmen milli tagamlaryny we işdä açarlaryny taýýarladylar.
Şeýle hem gepleşigiň baryşynda elleri tagamly ene-mamalarymyzyň geçmişde milli tagamlary taýýarlamak bilen, olary beýik sungat derejesine ýetirendikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Bular barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, milli tagamlarymyz türkmen halkymyzyň myhmansöýerliginiň özboluşly güwäsidir.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.