Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara bolan iş saparlaryny wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat çäresi geçirildi.
Maslahata etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, etrabyň orta mekdeplerinde we beýleki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara bolan iş saparlarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda eýeleýän orny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy ähmiýetli çykyşlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahat çäresine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Dabaraly maslahat medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi.
Serdar GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.