SUNGAT OJAGYNDAKY BÄSLEŞIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmeklige ýokary derejede üns berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Esasan hem, milli saz guralymyz bolan dutarda saz çalmak, aýdym aýtmak boýunça sungat älemine täze gadam basýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň höweslerini artdyrmak boýunça dürli medeni çäreler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň çagalar sungat mekdebinde «Halypalaryň ýoly bilen» atly aýdym-sazly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünärinde okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşan okuwçylar Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň eminler toparynyň agzalary okuwçylaryň saz çalyşlaryna, aýdym aýdyşlaryna adalatly baha berdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Ahmet Baýramgeldiýew I orna, bagşy hünäriniň 4-nji synp okuwçylary Mergen Goçnazarow II orna we Batyr Tekäýew III orna mynasyp boldular.

Aýdym-sazly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi hem-de etrabyň çagalar sungat mekdebi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Kemal SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Oktýabr 2025 | 20 okalan

SUNGAT OJAGYNDAKY BÄSLEŞIK

16 Oktýabr 2025 | 20 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

14 Oktýabr 2025 | 38 okalan

AK ALTYN HARMANYŇA BEREKET!